ABŞ Owganystanyň bähbidi üçin Eýranyň Çabahardaky portuny gadaganlyga salmaýar
Prezident Donald Trampyň “Günorta Aziýa strategiýasy biziň Owganystanyň ykdysady ösüşine berýän goldawymyzy we şeýle-debiziň Hindistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygymyzy nygtaýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi 6-njy noýabrda aýtdy.
Eýran geçen ýylyň aýagynda Hindi okeanyndaky porty açdy, ol esasan Hindistan bilen bilelikde gurulýar we, Hindistana Merkezi Aziýa we Afrika bilen söwdada Pakistandan sowa geçmäge mümkinçilik döredip, Owganystan üçin esasy üpjünçilik ýoly bolar öýdülýär.
Eýran bu porty demirýol arkaly Zahedanyň içinden Pakistanyň serhedine, demirgazyk-gündogardaky Maşada, Owganystan we Türkmenistan bilen araçäge çenli baglamagy planlaşdyrýar.
"Bu eglişik Owganystanyň ykdysady ösüşini dikeltmäge berilýän kömege degişli. Bu tagallalar Owganystanyň ösüşine yzygiderli goldaw bermek hem-de ynsanperwerçilik ýardamyny ýetirmek üçin möhüm” diýip, sözçi aýtdy.