Bagdatda şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitinde amala aşyrylan bomba hüjümlerinde azyndan alty adam öldi, başga-da birnäçesi ýaralandy.
Ýekşenbe güni ikindin amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.
Patlamalar aglaba şaýylaryň ýaşaýan Sadr we Kadhimiýa etraplarynda amala aşyryldy.
Sadr şaýy ruhanasy we harby lideri Muktada al-Sadryň berkitmesi hasaplanýar. Onuň tarapdarlary maýda geçirilen parlament saýlawlarynda mejlisdäki orunlaryň aglabasyny almagy başarypdylar.
Yrakda sünni we şaýy musulmanlarynyň arasyndaky dartgynlylyk we gazaplylyk 2006-07-nji ýyllar aralygynda möwjäpdi.
Geçen ýyl hökümet “Yslam döwleti” ekstremistik toparyny ýeňendigini yglan edeninden soň, hüjümler, esasan hem paýtagtda, göz-görtele azalypdy.