Siriýa bagyşlanan Stambul sammiti tamamlandy
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şenbe güni Stambulda geçirilen sammitden soň, oňa gatnaşyjylaryň “meseläni çözmek ugrunda umumy ymtylmany äşgär edendiklerini” aýtdy.
“Umumy çözgüt harby däl, diňe BMG-niň howandarlygyndaky syýasy prosses bilen tapylar” diýip, ol sözüne goşdy.
Sammite Merkelden başga-da rus prezidenti Wladimir Putin, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we fransuz prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy.