Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan we ÝB energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmekçi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Brusselde Ýewropa komissiýasy bilen energiýa hyzmatdaşlygyny aktiwleşdirmek meselesini ara alyp maslahat etdi.


Bu meseläniň 11-12-nji oktýabrda Brusselde Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleler boýunça wise-prezidenti Maroş Şewçowiç bilen geçirilen duşuşykda maslahat edilendigini, Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda habar berilýär.


Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Transhazar gaz geçiriji proýektini öz içine alýan gazgeçirijisi Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýar. ÝB we Türkmenistan türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň mümkinçilikleri barada 2011-nji ýyldan bäri gepleşik geçirýärler.


Resmi maglumata görä, türkmen delegasiýasy Brussele saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini bilen regional howpsuzlygy meselesini maslahat edipdir. 


Bu duşuşygyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary açyk hat ýaýradyp, Mogherininiň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşygynda Türkmenistanda adam hukuklary problemasyny gozgamagy soradylar. Şol duşuşykda adam hukuklary problemasynyň gozgalyp-gozgalmandygy nämälim galýar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus