Pakistan öňdebaryjy aktiwisti azatlyga goýberdi
Gulalai Ismail 12-nji oktýabrda Britaniýadan Pakistana dolanandan soň, Yslamabadyň aeroportynda tussag astyna alnypdy.
Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Ismailiniň azat edilmegini sorap, beýanat ýaýratdy.
Aktiwistler Ismailiniň tussaglykdan goýberilendigini, emma onuň syýahatçylyk dokumentleriniň alnyp galandygyny aýtdylar.
Ismaili tussaglykda wagty özüniň awgust aýynda Paştunlary Goramak Hereketiniň ýörişinde eden çykyşy üçin saklanandygyny aýdyp, teskt we audio ýazgylaryny ýaýradypdy.