ABŞ-nyň wekili owgan liderleri bilen duşuşdy
ABŞ-da doglan asly owganystanly, şeýle-de ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi bolan Zalmaý Khalilzad “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine çekmek boýunça diplomatiki missiýanyň çäginde, dört ýurduň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri barada gürrüň berdi.
Khalilzad 4-nji oktýabrda soňky gezek Kabula eden saparyndan bäri Pakistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystanynda we Katarda gepleşikleri geçiripdi.