Ysraýylyň harby-howa güýçleriniň komandiri Moskwada “professional, açyk” gepleşikleri geçirdi. Bu Russiýanyň harby gözegçilik uçarynyň Siriýa kenarlarynda urlup ýykylmagynyň yz ýany geçirildi.
Moskwa Il-20 kysymly uçary öz ýarany Siriýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň bilmezlikden urup ýykandygyny boýun aldy, ýöne edil şol wagtda Siriýa güýçlerine garşy söweş uçarlarynyň reýdini geçirendigini aýdyp, Ysraýyly hem günäledi. Urlan rus uçarynda 15 harby öldürildi.
General-maýor Amikam Norkin penşenbe güni Moskwa gelip, bu waka bilen baglylykdaky harby maglumatlaryny paýlaşdy.
Ysraýylyň harbylary sapardan soň ýaýradan beýanatynda “duşuşyklaryň gowy ruhda geçendigini, şeýle-de taraplaryň dürli meseleler boýunça professional, açyk we aýdyň gepleşikleri geçirendiklerini” aýtdy.