Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Awtoralli dabarasynda Berdimuhamedowa atynyň Ginnes rekordynyň güwänamasy gowşuryldy

Türkmenistanda "Amul-Hazar" rallisiniň jemleri jemlendi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Ginnesiň güwänamasy gowşuryldy.


Türkmen telewideniýesi 15-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedowyň “Awazadaky” sport merkezine gelip, dürli maşklary ýerine ýetirendigini we “Amul-Hazar”awtorallisiniň jemleniş dabaralaryna gatnaşandygyny habar berdi.


Adat bolşy ýaly, döwlet baştutany “Arkadaga şöhrat” diýen şygara gyrygýan mähellä ýüzlenip, “Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny” nygtady we ýaryşa gatnaşyjylaryň “öz başarnyklaryny görkezip, bu ýoly ýeňiş bilen tamamlandyklaryny” aýtdy. 


“Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser öz çykyşynda türkmen toparlarynyň dört dereje boýunça çykyş edip, baýrakly orunlary eýelenädiklerini belledi.


Awtomobil ýaryşynyň jemlenmegine bagyşlanan dabarada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi hem çykyş etdi. Ol Berdimuhamedowa ýüzlenip, onuň ýene-de bir üstünlik gazanandygyny habar berdi.


“Men bu gün uly hormat bilen yzky aýaklarynyň üstünde 10 metr aralygy iň çalt geçen atyň rekordy bilen hormatly jenap prezidenti we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Subaşi aýtdy. Soňra ol prezidente onuň Akhan atly atynyň goýan rekordyny resmi taýdan ykrar edýän güwänamany gowşurdy.


Ýaryşda ýeňiji bolanlara baýraklar gowşurylandan soň baýramçylyk konserti boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus