Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa barada hasabatyny üýtgetmekde aýyplady

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa boýunça sanksiýalarynyň Moskwa tarapyndan bozulandygy baradaky garaşsyz hasabaty üýtgetmekde aýyplady.


13-nji sentýabrda ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Orsýetiň geçen aýda Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalar boýunça komitetine tabşyrylan Demirgazyk Koreýa boýunça hasabaty gowulandyrmak üçin garaşsyz gözegçilerine basyş edendigini aýtdy.


Hasabatda Phenýanyň özüniň ýadro we raketa programmalaryny togtatmandygy we munuň BMG-niň eksporta girizen sanksiýalaryny bozýandygy bellenýär.


Haleý we beýleki diplomatlar Orsýetiň hasabaty üýtgetmek üçin basyş görkezendigini aýtdylar.


Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan diplomatlaryň biri üýtgedilen hasabatdan Demirgazyk Koreýa babatyndaky sanksiýalary bozan orsýetlilere salgy berýän maglumatlaryň ýok edilendigini aýdýarlar.


Ýene bir diplomatyň AFP agentligine aýtmagyna görä, Orsýetiň nebit söwdasyna degişli käbir paragraflar Moskwanyň talaby boýunça hasabatdan aýrylypdyr.  


Awgustyň aýagynda Orsýet hasabatyň çap edilmegini petikledi, ol dokumentde Phenýanyň 2018-nji ýylda BMG-niň 2017-nji ýylda girizen sanksiýalarynda göz öňünde tutulan nebit importynyň limitinden çykandygy baradaky maglumatlar bilen ylalaşmady diýip, diplomat belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus