Hyradyň Oba etrabynda bolan çaknyşykda dokuz ofiser öldürildi
Hyradyň welaýat gubernatorynyň sözçüsi Jilani Farhad Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 9-njy sentýabrda bir gün ozal Oba etrabynda bolan çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 sany ýaragly hüjümçini öldürendiklerini, 5-sini bolsa ýaralandyklaryny gürrüň berdi.
"Bu sebite howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri ýerleşdirildi we ol ýer indi şolaryň kontrollygynda” diýip, Farhad aýtdy.
Ol bu hüjümiň “Talyban” tarapyndan guralandygyny aýtdy, emma jeňçi topar häzirlikçe bu hadysa barada hiç zat aýtmady.