Şwed premýer-ministri saýlawlardan soň, oppozisiýany gepleşiklere çagyrdy
“Hiç kimiň artykmaçlygy alyp bilmändigi aýdyň. Şol sebäpli hyzmatdaşlyk etmegimiz adaty bir zat” diýip, Lofwen öz tarapdarlaryna ýüzlendi.
Soňky netijelere görä, Lowfeniň Sosial-Demokratlary sesleriň 40,6%-ni, oppozisiýadaky Allýans bolsa, sesleriň 40,3%-ni almagy başarypdyr. Migrantlara garşy çykýan aşa-çepçi Demokratlar sesleriň 17,6%-ni alypdyrlar.
Egzit-pollaryň netijelerine görä, ne Sosial-Demokratlar, ne-de Allýans 175 orunlyk parlamentde möhüm köpçülige eýe bolup bilipdirler.
Saýlaw kampaniýasy döwri migrantlar meselesi esasy üns merkezinde boldy. 2015-nji ýylda şwed hökümeti ýurda 163 müň – aglaba owgan we siriýa – migrantlaryny ýurda kabul etdi.