Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, ykdysadyýetiň tas ähli pudagynda sekiz aýda bellenen tabşyryklaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy.
"Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy" diýip, TDH degişli resmileriň hasabatlarynda getirilen sanlara salgylanyp habar berýär.
Şol bir wagtda prezident ýurduň esasy girdeji getirmeli ugurlarynyň resmileriniň birnäçesine käýinç yglan etdi, goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi sorady we hatda nobatdaky kadr çalşygyny hem geçirdi.
Hususan-da, işde goýberen kemçilikleri üçin, "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Polat Allagulyýew wezipesinden boşadyldy. Bu wezipe wagtlaýyn ozal şu bankyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Şamuhammet Nepesowa ynanyldy.
TDH döwlet baştutanynyň nebit-gaz ulgamynyň işindäki kemçilikler hakynda gürrüň edendigini habar berýär, emma bu diýilýän kemçilikler o diýen anyklaşdyrylmaýar.
Şol bir wagtda-da Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewe, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin diýip, berk käýinç yglan etdi.
Habarda aýdylmagyna görä, prezident bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, "ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça gysga möhletde anyk çäreleri görmegi berk talap edýär".