Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daniýada Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň konkursy ýatyryldy

Daniýaly kanun çykaryjy Geert Wilders Pakistanda dörän köpçülikleýin protestler sebäpli Muhammet pygamberiň karikaturasy boýunça öň yglan eden konkursyny ýatyrdy. 


Wilders özüne ölüm haýbatynyň edilmeginden soň 30-njy awgustda eden çykyşynda, "adamlaryň yslamçylaryň pidasy bolmagynyň öňüni almak üçin" öz planlaryny ýatyrmak kararyna gelendigini aýtdy. 


"Adamlaryň howpsuzlygy has möhümdir" diýip, 54 ýaşly Wilders Facebookda ýazdy.


Hudaýyň ýa-da pygamberiň gowy manyda hem şekillendirilmegi yslam dininde dil ýetirmek hasaplanylýar we gadagan edilýär. 


Pakistanda şeýle hereketler ölüm jezasyny göz öňünde tutýar we köpçüligiň nägileligi jezanyň ýerine ýetirilmegine esas bolup bilýär. Pakistanda 10 müň adamyň gatnaşmagyndaky köçe protestleriniň guramaçylary Yslamabady Niderlandrlar bilen diplomatik gatnaşyklary ýatyrmaga çagyrdylar. Pakistanyň kanun çykaryjylary bu çagyryşlary ret etdiler, Yslamabadyň diplomatik bölegini gaharly protestçilerden goramak işine müňlerçe harby çekildi.


Reuters agentliginiň maglumatyna görä, Wildersyň karikatura konkursyny ýatyrýandygyny yglan etmeginiň öňüsyrasynda owgan "Talybanynyň" Owganystanyň harbylaryny NATO-nyň missiýasynyň düzümindäki gollandiýaly harbylara hüjüm etmäge çagyrandygyny habar berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus