Мы в Telegram
Добавить новость

В Коломне объявлен электронный аукцион по содержанию дворов

Директор МОНИКИ: Палеев сыграл огромную роль в реабилитации академика Плетнева

В Финляндии приостановили работу атомной электростанции из-за неисправности

Власти Петербурга заявили, что горячую воду жителям отключат максимум на 14 дней



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Awazadaky dynç alyşyň gyzgalaňly pasly: bahalar galdy, paranyň möçberi artdy

Awazadaky dynç alyşyň gyzgalaňly pasly: bahalar galdy, paranyň möçberi artdy

Deňiz ýakasyndaky Awaza syýahat zolagynda şu tomsuň aýagynda dynç alýanlaryň sany ozalkysyndan has köp boldy. Iýun aýynda bu ýerdäki myhmanhanalar ýarym boş durupdy, emma iýul - awgust aýlarynda hyryn-dykyn boldy. Käbirler bu ýerde dynç almak üçin öňünden eden bronlarynyň ýatyrylandygyny diňe baransoň bilip galdylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hazar deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki wagtda göz öňünde tutulan şertler barada jikme-jik gyzyklanyp gördi: "Hazar iň gowy we gurply dynç alyjylar tarapyndan iň köp islenilýän myhmanhana hasaplanýar. "Kerwen" myhmanhanasynda dynç alýanlar hyzmatlaryň derejesini we işgärleriň üns berişini öwdüler. Çagaly dynç alyjylar çagalar üçin niýetlenen ýerleriň köpelendigini, şol sanda onçakly gymmat bolmadyk  parklaryň we atraksionlaryň bardygyny aýtdylar. Emma täze akwapark köpler üçin elýeterli däl: çagalar üçin biletiň bahasy 100 manada, ulular üçin 200 manada durýar.

Otellerdäki baseýnler hem çagaly dynç almak üçin oňaýly. Iki adamlyk otaglar bir gije gündizine ortaça 200 manada durýar. Bu baha ýönekeý ertirlik nahary girýär. Gündizlik we agşamly naharlaryny otellerdäki naharhanalarda satyn alyp bolýar we dükanlardan azyk satyn alyp bolýar. Emma bahalar umuman gymmat - bir çörek 7 manada durýar". 

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, Awazada dynç alýanlar adatça hyzmatlaryň hilinden, internetiň ýaramazlygyndan we ulular üçin tomaşalaryň ýeterlikli däldiginden, şeýle-de köp ýerde surat almagyň gadagan edilýändiginden nägile bolýarlar.

Gymmatçylyk we Awazanyň resmi çäreler üçin ýapylyp durmagy sebäpli şu ýyl Guwlymaýak (öňki ady Gully-Maýak) ýaly ýerlerde hususy sektorlar hem dynç alýanlardan dolup galdy.

Şeýle-de, jaý kireýleriniň, azyk önümleriniň, transportyň bahalary we hatda ýol gezegçilik polisiýasynyň ulag sürüjilerden soraýan parasynyň möçberi artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň we dynç alyjylaryň aýtmagyna görä, deňize golaýlygyna görä bahalar hem ýokarlanýar.     

Türkmenbaşy 

Agşamlaryna Awazanyň yşyklary Türkmenbaşy şäherinden tapawutlylykda dabaraly öwüsýär. Türkmenbaşy bolsa garaňkylyga batýar.

Türkmenbaşy şäherine köp wagtdan soň baranlar şäheriň özünde ýollaryň gowulanandygyny belleýärler. 

"Awaza barýan ýollar, çatryklar we köprüler täsir galdyrýar" diýip Azatlygyň habarçysy belledi.     

Onuň sözlerine görä, şäheriň suw üpjünçiligi-de öňküsinden gowulanypdyr. Indi suw ýaşaýyş jaýlara günüň dowamynda iki gezek irden we agşam akdyrylýar.

Şol bir wagtda-da, şäherde azyk önümleriniň, ilkinji nobatda-da çöregiň gytçylygy we pes hilliligi saklanýar. 

"Çörek meselesi ýiti durýar. Ony dessine satyn alyp gutarýarlar. Bu çöregi kesip bolmaýar ol ownuga öwrülýär we agşama çenli turşap galýar. Türkmenbaşy şäherinde bahalar paýtagtdan hem esli gymmat" diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Şeýle-de, jaý kireýleriniň, azyk önümleriniň, transportyň bahalary we hatda ýol gezegçilik polisiýasynyň ulag sürüjilerden soraýan parasynyň möçberi artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň we dynç alyjylaryň aýtmagyna görä, diňze golaýlygyna görä bahalar hem ýokarlanýar.

"Öz transporty bilen barýan ýa-da ulag tutýan dynç alyjylar ýol-gözegçilik gulluklaryň talap edýän töleglerinden zeýrenýärler. Polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag sürüjilerden, olaryň hiç hili bidüzgünçilik etmedik ýagdaýynda talap edilýän puluň möçberi 5 manatdan 10-15 manada çenli galdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar we ujypsyz girdejili maşgalalaryň çaglaryna deňzi we bu ýerdäki "owadan durmuşy" görkezmek üçin diňe birnäçe günlük barýandygyny we şeýle kynçylyklara sezewar bolýandygyny belledi. 

Tomus pasly - ýerli ýaşaýjylar üçin goşmaça girdeji çeşmesi bolup, gazanç etmäge mümkinçilik berýär. Olar jaýlaryny kireýe bermekden daşary, kenaryň boýunda dynç alýanlara nahar we azyk önümlerini hödürlemek we balyk tutup satmak bilen meşgullanýarlar. 

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň bellemegine görä, ýaňy-ýakynda ýerli ýaşaýjylaryň goňşy Gazagystana gidip haryt getirip satmakdan ybarat ýene bir gazanç çeşmesi bardy. Emma soňky döwürde türkmen-gazak serhediniň ýapylyp durmagy bu mümkinçiligiň öňüne böwet salypdyr: "Iýun aýynyň ortalarynda türkmen tarapy Gazagystandaky meningit keseliniň epidemiýasyna salgylanyp, bu ýurt bilen öz serhedini takyk bolmadyk wagtlyk ýapdy. Häzirki wagtda çenli Guwlymaýak şäherçesiniň minimarketinde gazagystanly harytlaryň galyndylaryny satýarlar, olar Aşgabatda bireýýäm ýok".

    

Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagy 2007-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen dünýä derejesindäki kurort hökmünde esaslandyrylypdy. Resmi maglumatlara görä bu ýerde bir wagtyň özünde 4000 çemesi adamyň dynç almagy göz öňünde tutulýar.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве прошел суд по спору сестер Шукшиных за права на наследство отца

Губернатор Подмосковья поздравил крупный оборонно-промышленный холдинг с 82-летием  

Велотрек на западе Москвы обратят в госсобственность через суд

Султанат Оман впервые станет гостем ПМЭФ

Музыкальные новости

Филиал ФГБУ «ЦЖКУ» Минобороны РФ начал эксплуатацию социальной и военной инфраструктуры

Пушинка из Космоса спасёт либо снесёт США? Научные важные данные. Проект «Святой Ленин».

Два рейса из Петербурга перенаправили из Шереметьево в Домодедово на фоне грозы

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Новости России

Ведьма из «Битвы экстрасенсов» Алена Полынь задержана в Подмосковье

Фестиваль творчества «Детство» завершился в Солнечногорске

Губернатор Подмосковья поздравил крупный оборонно-промышленный холдинг с 82-летием  

Суд в Москве признал Олега Эдельштейна сыном покойного Владимира Жириновского

Экология в России и мире

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Спорт в России и мире

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Джокович совершил суперкамбэк на Ролан Гаррос и установил абсолютный рекорд

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Moscow.media

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой

Стартовал ремонт 25 км трассы Нижний Новгород – Великий Устюг в Костромской области

У «Грузовичкоф» появился чудесный чудик

RooX UIDM защитит от перехвата токенов











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Режиссер Кузин высказался о «саратовской театральной мафии» в Москве

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

На макете и правда доезжает быстро. На ПМЭФ-2024 представили ВСМ Петербург — Москва

Силовики задержали банду, предположительно, состоящую из бывших участников ЧВК Вагнера