Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistana sapar eder
TDH-nyň maglumatyna görä, saparyň jemleri boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze sepgitlere çykarjakikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana 2015-nji ýylyň awgustynda sapar etdi. Şondan öň ol Bişkege 2007-nji ýylda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany hökmünde barypdy.
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew Türkmenistana 2014-nji ýylyň noýabrynda sapar etdi.