Paşiniýan “reformalaryň depginini güýçlendirmäge” söz berýär
Ozalky aktiwist we oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan maý aýynda premýer-ministr wezipesine saýlanypdy.
Ol penşenbe güni hökümetiň öňünde eden çykyşynda: “Biz täze bir döwre gadam basýarys. Bu döwrüň esasy aýratynlygy hem reformalaryň depginini güýçlendirmekden ybaratdyr” diýip, çykyş etdi.
Paşiniýan häkimiýet başyna geçenden soň, esasy wezipäni, ýagny ýurtda dowamly ykdysady ösüşi amala aşyrandygyny hem sözüne goşdy.