Hasapçy Manafortyň ukrain girdejilerini ýaşyrmaga kömek edişi barada görkezme berýär
Sindi Laportanyň 3-nji awgustda, Manafortyň sud seljermeleriniň dördünji gününde beren görkezmesinde Manafortyň çylşyrmly maliýe işlerine, hususan-da onuň ukrain syýasatçylaryna, şol sanda ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçe syýasy geňeşçiilik edip gazanan girdejilerine aýdyňlyk salynýar.
Laporta prokurorlaryň Manaforta garşy bildiren aýyplamalaryny esaslandyrmak üçin soraga çeken soňky hasapçylarynyň biri bolup durýar.
Manafort salgyt jarnamalarynda, karz beýanatlarynda we federal banka beren beýleki hasabatlarynda dürli galplyklara ýüz urmakda aýyplanýar.