Moskwadaky protestlerde tussag edilen Nawalnynyň kömekçisi boşadyldy
Nawalnynyň Orsýetiň geljegi atly partiýasynyň başlygy Sergeý Boýko "administratiw düzgün bozmalar barada protokolyň" düzülmeginden soň özüniň tussaglykdan boşadylandygyny, diňlenişigiň 2-nji awgusta bellenendigini Twitter arkaly habar berdi.
Boýko birnäçe sagatdan soň Twitter hasabynda özüniň, oppozision syýasatçynyň kömekçisi Oleg Stepanowyň we ýörişiň guramaçysy Mihail Çiçkowyň 29-njy iýulda tussaglykda oturan wagtynda düşürilen suratyny ýerleşdirdi.
Stepanow Twitter hasabynda çap eden maglumatynda özüniň "Putin ogry" diýip gygyran şygarynyň ýörişiň temasyna gabat gelmeýändigi üçin tussag edilendigini we munuň protokolda görkezilendigini ýazdy.