Rohani: ABŞ-nyň ‘boş haýbatlaryna’ jogap bermäge zerurulyk ýok
Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugynyň 25-nji iýulda beren maglumatyna görä, Rohani “ABŞ-nyň käbir liderleri” tarapyndan “esassyz kommentariýleri” ýatladyp, kabinet ýygnagynda “islendik bolgusyz kommentariýlere reaksiýa bildirmäge we jogap bermäge zerurlyk ýok” diýdi.
“Biz hereket bilen jogap bermeli” diýip, Rohani aýtdy.
22-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä Birleşen Ştatlara gaýtadan “hiç haçan” haýbat atmazlygy duýduryp, bu gaýtalansa, onda onuň “mundan öň taryhda hiç haçan bolmadyk derejede ejir çekip biljekdigini duýdurdy”.