ABŞ adminstrasiýasy özüniň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan 16-njy iýulda Helsinkide geçirilen sammit mahalynda gündogar Ukrainanyň hökümete garşy ýaragly göreş alnyp barylýan regionlarynda referendum geçirmek barada edilen teklibi “goldamak pikirini etmeýändigini” aýtdy.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Garrett Markuis 20-nji iýulda “bu diýilýän referendumy” geçirmegiň “kanuny bolmajakdygyny” aýtdy.
Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Anatoliý Antonow şol gün irden Tramp bilen Putiniň sammit gepleşikleri mahalynda gündogar Ukrainadaky uruş-gowgany ýatyrmagyň “anyk tekliplerini” ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.
Tramp twitterde özüniň Helsinkide Putin bilen T Ukrainadaky ýagdaýy maslahatlaşandygyny aýtdy, emma referendum geçirmek ähtimallygyny ýa Ukraina dahylly gürrüňleriň beýleki detallaryny açmady.