Birleşen Ştatlar Ukraina howpsuzlyk maliýeleşdirmegi üçin goşmaça $200 million serişde berer.
ABŞ-nyň Goranmak departamenti 20-nji iýulda bu serişdeleri “Ukrain goşunlarynyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tälim, enjam we geňeş-maslahat tagallalary üçin berjekdigini” yglan etdi.
Täze maliýeleşdirme “ dowam edýän tälim beriş programmalaryna we operasiýa ätiýaçlyklaryna goldaw bermäge gönükdiriler” diýip, beýanatda aýdylýar.
Birleşen Ştatlar 2014-nji ýyldan bäri, goňşusy Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky seperatist hereketlerine meçew bereninden soň,Ukraina jemi 1 milliard dollardan gowrak serişdä durýan goranyş kömegini berdi.
Bu konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.