Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Trend: Hazardaky adalaryň üstüne Türkmenistanyň 170 gektarlyk emeli adasy goşuldy

Hazar deňziniň çäginde 50-ä çenli ada hasaba alnan, emma biraz öň olaryň üstüne adam eli bilen döredilen ýene bir ada goşuldy diýip, “Trend” habar gullugy türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär.


“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Hazar deňziniň türkmen çäginde döredilen emeli ada 170 gektar ýeri tutýar.


«Trend» ozal türkmen metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda gurulýan emeli adanyň 160 gektar meýdany tutjagyny habar beripdi.


Şeýle-de neşir bu adanyň 1 million 600 müň kwadrat metr meýdany tutýandygyny ýene bir gezek tassyk edýär.  


Emeli ada Türkmenbaşyda gurlan halkara port bilen bilelikde, portuň gumuny ada çekmek bilen bina edildi.


«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti 2016-njy ýylyň aýagynda bu ada ýerli we daşary ýurt ekologlarynyň janly tebigatyň goralýan desgasy hökmünde gözegçilik edýändiklerini habar beripdi. Sebäbi, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, ol esasan ekologiki syýahatçylyk üçin ulanylmaly.


Türkmenistan deňizde ada döretmezinden öň Garagumda emeli köl döretmek üçin hem milliardlarça dollar harçlady. Emma häkimiýetler soňky döwürde “Altyna asyr” kölüne, Türkmenbaşyda gurlan halkara porta we emeli ada harçlanan serişdeleri agzamaýarlar.


Şu aralykda türkmen mediasy “Awaza” syýahatçylyk zolagynda millionlarça dollar serişdä gurlan desgalaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine geçirilýändigini habar berdi.


Şol bir wagtda bu binalaryň gurluşygyna harçlanan döwlet serişdesi, syýhatçylar zolagyndan alynýan girdeji barada anyk maglumat berilmeýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus