Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň özüne Britaniýanyň bileleşikden çykmagy baradaky gepleşikleriň üstünde Ýewropa Bileleşigini suda bermegi maslahat berendigini aýtdy.
Tramp 13-nji iýulda Meý bilen bilelikde beren metbugat ýygnagynda britan liderine beren geňeşini onuň örän“ýowuz”görendigini aýtdy.
15-nji iýulda BBC-niň bu geňeşiň näme bolandygy baradaky soragyna jogap berip, Meý şeýle diýdi: “Ol meniň ÝB-ni suda bermelidigimi aýtdy, gepleşiklere girme, olary suda ber diýdi”.
Meý sözüni dowam edip, “Prezident şol metbugat ýygnagynda maňa ýene “Çekilme. Gepleşiklerden çekilme. Soň sen baglanyp galarsyň” diýdi.
Britaniýa, 2016-njy ýylyň iýulynda geçen referendumyň Bileleşikden çykylmagyny goldandygy üçin, 2019-njy ýylyň mart aýynyň aýagyna çenli ÝB-den çykmagy planlaşdyrýar.