Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjik prokurory abraýly žurnalist Mirsaidowa 13 ýyllyk tussaglygy soraýar

Täjigistanyň prokurory Hujand şäheriniň sudundan abraýly žurnalist Hairullo Mirsaidowy 13 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi sorady.


Şeýle-de, Raufhon Alizoda 10-njy iýulda suddan, onuň öz sözüne görä, Mirsaidowyň eden jenaýaty bilen ýetiren zyýany üçin oňa 13 500 amerikan dollary möçberinde jerime töletmek hakynda karar çykarmagy sorady. Prokuror agzan zyýanynyň nämeden ybaratdygyny takyklaşdyrmady.


Mirsaidow öz Hujand şäherinde dekabr aýynda tussag edilipdi. Žurnaliste ogurlyk, galplyk, polisiýa ýalan maglumat bermek, dini we etnik ýigrenji tutaşdyrmak bilen bagly ençeme günä ýöňkelýär.


Mirsaidow özüniň bigünädigini aýdýar we özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyryp, özüniň hökümetdäki korrupsiýa barada taýýarlan reportažlary bilen bagly bolmagyny çak edýär.


Hairullo Mirsaidow täjigistanly garaşsyz žurnalist we Asia-Plus hem-de Germaniýanyň “Deutsche Welle” radiosynyň öňki habarçysy. Şeýle-de, ol Täjigistanyň KWN komediýa milli toparynyň lideri.


Mirsaidowyň tussag edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Mirsaidowy “söz azatlygyndan peýdalanmak boýunça öz hukugy üçin jezalandyrylan wyždan ýesiri” diýip atlandyrdy.


Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Mirsaidow ýaly žurnalistleriň “galp işler bilen gabalman, eýsem edýän işleri üçin ykrar edilmelidigini” belledi.


Dekabr aýynda tussag edilmeginiň öňüsyrasynda Mirsaidow prezident Emomali Rahmonyň, Baş prokuror Ýusuf Rahmonyň we Sughd regionynyň gubernatory Abdurahmon Kodiriniň adyna hat ýazyp, ýerli resmileriň korrupsiýa baş goşmagynyň soňuna çykmagy sorady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus