ABŞ-nyň baş diplomaty Kabula duýdansyz sapar etdi
Pompeo döwlet sekretary wezipesine bellenenden soň, duşenbe güni ilkinji gezek Owganystana sapar bilen gelipdi.
Bu aralykda, Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatyny “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerinden arassalamak boýunça ýörite operasiýa geçirildi.
Häzir Owganystanda, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky missiýasynyň çäklerinde, 14 müň ABŞ-ly esger gulluk geçýär. Olar “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” ekstremistik toparlaryna garşy alnyp barylýan operasiýalara hem gatnaşýarlar.