ABŞ-da Trampyň immigrasiýa syýsatyna garşy müňlerçe adam protest bildirýär
Müňlerçe migrant çaganyň öz ene-atasyndan aýrylmagyna getiren syýasat netijesinde dörän gahar-gazabyň güýçlenmegi bilen ýurt boýunça ýüzlerçe demonstrasiýa planlaşdyryldy.
Ak tamyň garşysynda toplanan protestçiler “Utanç! Utanç!” diýip gygyrdylar. Käbirleri “Çagalar nirede?” we “Zalymlygy bes et”, “Biz Amerika” diýen şygarlary galdyrdy.
Tramp adminstrasiýasy Birleşen Ştatlara bikanun gelip giren we tussag edilen migrantlar babatda “hiç bir geçirimlilik etmezlik” syýasatyny öňe sürdi.
Emma bu çäre çagalaryň ene-atalaryndan aýrylmagyna alyp geldi we zynjyr bilen baglanan kapasalarda ýaşaýan çagalaryň şekilleri giň gahar-gazap döretdi.