Tramp saud patyşasynyň nebit öndürmegi köpeltmäge razydygyny aýdýar
Saud hökümeti iki lideriň global nebit bazary hakynda gürleşendigini tassyk etdi, emma Riýadyň nebit öndürmegi ýokarlandyrmak babatda gelen hiç bir ylalaşygyny agzamady.
30-njy iýundaky gepleşik Tramp adminstrasiýasynyň ýaranlaryna Eýrandan nebit almagy bes etmek barada eden basyşyndan soň nebit bahalarynyň ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Tramp twitterde galdyran ýazgysynda Salmanyň nebit öndürmegiň derejesini galdyrmaga razy bolandygyny aýtdy, emma gürrüini edýän 2 million barrel nebit öndürmek mümkinçiliginiň wagt çägini görkezmedi.