Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň wise-prezidenti Daşkentde özbek resmileri bilen duşuşdy
Gepleşikleriň dowamynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbegistandaky işleriniň gerimini giňeltmek mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň metbugat wekili gepleşikleriň oňaýly geçendigini aýtdy. Emma, başga goşmaça maglumat bermedi.