Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Putin ABŞ-nyň Kreml bilen ilteşikli tüçjar barada eden aýyplaýjy aktyny  ‘gülkünç’ diýip häsiýetlendirdi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Kreml bilen ilteşigi bolan milliarderiň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryna goşulyşandygy barada Birleşen Ştatlaryň eden aýyplaýjy aktyna güldi. Şeýle-de, ol özüniň aşpezlerinden biriniň ABŞ-daky prezident saýlawlaryna goşulyşyp biljekdigi barada aýdylýanlary ýaňsylady.


4-nji iýunda Awstriýanyň “ORF” teleradio ýaýlymyna beren interwýusynda Putin Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller tarapyndan Prigožine garşy ýöňkelen aýyplamalary “gülkünç” diýip, ret etdi.


“Putiniň aşpezi” diýen ada eýe bolan tüçjar Prigožin birnäçe restoranyň we köplenç trol zawody diýlip häsiýetlendirilýän Internet derňew agentliginiň eýesidir. Bu agentlik 2016-njy ýyldaky saýlawlar döwründe ABŞ-nyň sosial media kampaniýasyny geçiripdi.


Muelleriň aýyplaýjy akty Prigožini we başga-da 12 sany orsýetlini syýasy taýdan bölüji maglumatlary we mahabatlary ýaýratmak arkaly saýlawlara goşulyşmak bilen ilteşikli diýilýän dildüwşüge gatnaşmakda aýyplaýar. Gürrüňi edilýän maglumatlaryň we mahabatlaryň Facebook, Twitter we beýleki sosial ulgamlardaky ABŞ-ly ses berijileriň millionlarçasyna baryp ýetendigi aýdylýar.


“Eger orsýetli restoran eýesi Birleşen Ştatlardaky we ýewropa ýurtlaryndaky saýlawlara täsir ýetirip bilýän bolsa, günbatar informasiýasy we syýasy gurşawy näderejede pese gaçan bolup biler” diýip, Putin belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus