Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tbilisiniň metro işgärleriniň iş taşlamak çäresi tapgyr ikinji gün dowam edýär

Aýlyk haklarynyň köpeldilmegini talap edýän Tbilisiniň metro işgärleri özleriniň iş taşlaýyşyny tapgyr ikinji gün dowam etdirýärler. Bu waka Gürjüstanyň paýtagtyndaky hökümete garşy protest hereketiniň lideriniň ýurduň häkimiýetindäki elita garşy göreşmegi wada beren mahalyna gabat geldi.


Metro işgärleri häkimiň öňümizdäki ýyldan başlap aýlyk haklarynyň ýokarlandyryljakdygy barada eden teklibini ret edensoň, 5-nji iýunda Tbilisiniň çäginde “Mugt” ýa-da "Tölegsiz" diýlen ýazgyly awtobuslaryň bir ýerden başga ýere gatnawlary amala aşyrýandygyny görse bolýar.


Bu aralykda, Tbiliside hökümetiň işden çekilmegini talap edýän protestçiler öz demonstrasiýalaryny tapgyr altynjy gün hem dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.


“Meniň şol bir pozisiýam bar – sistema ýok edilmelidir” diýip, protest lideri Zaza Saralidze 4-nji iýunda Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Hwirikaşwili bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.


Geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjegiň pyçaklanyp öldürilmegi babatynda adalatly sud diňlenişiginiň bolmandygyny aýdýan protestçileriň köçe demonstrasiýalary 31-nji maýda başlanypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus