Eýran britan kompaniýasy bilen nebit şertnamasyny baglaşdy
Eýranyň Nebit ministrliginiň beren maglumatyna görä, düýbi Londonda ýerleşýän Pergas konsortsiumy bilen ýurduň Keranj sebitinde 10 ýylyň dowamynda nebit çykarmak barada şertnama baglaşylypdyr.
Şertnama 16-njy maýda Tähranda, Britaniýanyň ilçisiniň hem gatnaşmagynda gol goýuldy. Emma, munuň London tarapyndan makullanyp-makullanmadygy häzirlikçe belli däl.
“Biz Britaniýanyň hökümetiniň... şertnamany makullajakdygyna umyt edýäris” diýip, Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh aýtdy.