Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we onuň eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarif Eýranyň ýadro ylalaşygyny saklap galmagyň ýollaryny maslahat etmek üçin 14-nji maýda Moskwada duşuşýarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edeninden soň, Eýranyň daşary işler ministri “Eýranyň ýadro meselesi bilen bagly özgerişler boýunça pikir alyşmak üçin” ilki Pekine, soňra-da Moskwa bardy. Eýran Zarifiň Brýusselde hem gepleşikleri geçirjekdigini habar berdi.
2015-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşan ylalaşygyna görä, Tähran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine, özüniň ýadro programmasyndan el çekmelidi.
Orsýetiň käbir habar websaýtlarynyň berýän maglumatyna görä, Zarif bilen geçirilýän gepleşikleriň başynda Lawrow ýadro ylalaşygyna gol goýan beýleki taraplaryň ählisiniň ylalaşygy saklap galmaga “kanuny gyzyklanmalarynyň” bardygyny aýdyp, ş”ol sebäpli biz her birimiziň kanuny gyzyklanmasyny bilelikde goramalydyrys” diýdi.