Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan mejbury zähmetiň doly soňuna çykmagy karar etdi

Özbegistanyň hökümeti bu Merkezi Aziýa ýurdunda mejbury zähmetiň doly soňuna çykmak barada perman çykardy.


Dünýäde pagtany eksport ediji esasy ýurtlaryň biri bolan Özbegistan ýyllarboýy pagta ýygymyna studentleri, mekdepleriň we saglygy saklaýyş edaralaryň işgärlerini çekip geldi. Ýurt bu tejribelerden 2015-nji ýylda, halkara guramalarynyň basyşy astynda el çekdi.  


10-njy maýda çap bolan permana görä, döwlet edaralarynyň işgärleriniň, mekdep mugallymlarynyň we lukmanlaryň, şeýle-de okuwçylaryň köçeleri süpürmek we pagta ýygmak ýaly işlere çekilmeginiň gadagan edilýändigi aýdylýar. Agzalan tejribeler Özbegistanda giňden ulanylýar.


Prezidentiň permanynda döwlet edaralaryna, şol sanda Baş prokuratura we zähmet ministrligine zerur çäreleri görmek tabşyrylýar.


Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda aradan çykan Yslam Kerimowyň 20 ýyldan gowrak döwürde repressiw goly astynda dolandyran ýurtda reformalary geçirmegi wada berdi.


Mirziýoýew Özbegistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna degişli tejribeleri aradan aýyrmagy 2017-nji ýylda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynda wada beripdi.  


Özbegistan öndürýän pagta çyg malynyň 60% çemesini eksport edýär. Ýurduň pagta senagaty ýylda 1 milliard dollar möçberinde girdeji getirýär we ýurduň umumy önümçiliginiň dörtden bir bölegini emele getirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus