Russiýada 1 müň 870 km2 tokaý ýandy
Merkez 29-njy aprelde özüniň websaýtynda ýerleşdiren maglumatynda Amur regionynyň has köp zyýan çekendigini mälim etdi. Hingan goraghanasynyň diňe özünde 370 km2 tokaý ýandy.
Ýangynlar Primorskiý we Habarowsk regionlarynda hem döredi.
Ýangynlary söndürmek işlerine 2 müň 800 adam, 495 ulag, şol sanda 25 uçar goýberildi.