Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidentiniň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seredildi

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri bilen Aşgabatda geçirilen syýasy konsultasiýalaryň nobatdaky tapgyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seretdi diýip, Sputnik neşri 9-njy aprelde habar berdi.


9-njy aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek syýasy konsultasiýalar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap bolan resmi maglumatda, taraplaryň ýokary derejeli saparlaryň roluny belländigi we munuň bilen baglylykda “iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ynamly gatnaşyklary we munuň köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösüşine esas berýändigini” nygtandygy aýdylýar. Emma resmi maglumatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkente sapary we onuň gün tertibi meselesi agzalmady.


Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapar etmegi barada ýanwar aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew mälim edipdi. 


Fewral aýynda Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şiri Şiriýew iki ýurduň liderleriniň duşuşygyna aktiw taýýarlyklaryň görülýändigini habar berdi. “Şu ýyl biz hormatly prezidentimiziň Özbegistana saparyna garaşýarys. Saparyň dowamynda ençeme meselä garalar. Gün tertibi belli däl, emma biz taýýarlanýarys. Saparyň takyk gününi men aýdyp biljek däl, emma biz diplomatik kanallar arkaly işleýäris. Munuň bahar aýlarynda bolmagy has ähtimal” diýlip, media serişdelerinde türkmen diplomaty sitirlenýär.


Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew soňky gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda duşuşdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus