Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda ýene ýokary amatlykly jaýlar, täze awtoduralgalar we söwda merkezleri gurlar

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň garamagyna Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň proýekti barada maglumat berildi.


TDH-nyň maglumatyna görä, täze binalar toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň günortasynda, umumy meýdany 25,5 gektara deň bolan ýerde gurlar. 


“Taslama laýyklykda, bu ýerde 756 maşgala üçin niýetlenen 54 öýli, 8 sany dokuz gatly we 36 öýli, 9 sany, 9 gatly ýaşaýyş jaýyny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, iki sany 400 orunlyk köp gatly awtoduralgany hem-de 7 sany, iki gatly söwda merkezini” gurmak planlaşdyrylýar. Emma habarda bu proýektiň bahasy aýdylmaýar. 


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, täze döwrebap şäherçeleriň yzygiderli gurulýandygy habar berilýär. Bu jaýlar adatça döwlet serişdesiniň hasabyna gurulýar we olaryň bahasy “aşa çişirilen” weilatyň real gazanç, girdeji mümkinçiliklerinden has gymmat hasaplanylýar. 


Bu ýagdaý häkimiýetleriňministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryňhasabyna gurlan jaýlary olaryň öz işgärlerine ýarpy bahasyna bermek praktikasyny ulanmagyna alyp geldi. Emma ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagy käbir ministrlikleriň ýapylmagyna we jaý alan adamlaryň kyn ýagdaýa düşmegine sebäp boldy.


Şeýle-de paýtagtda bahasynyň aşa gymmat bolmagy sebäpli boş duran jaýlaryň köpelýändigi, döwrebap şäherçeleriň bolsa açylyş dabarasyndan soň çolaryp galýandygy, eli ýuka hem-de ýaş maşgalalaryň jaý almak mümkinçiliginiň barha kynlaşýandygy aýdylýar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus