Tatarystanyň prokuraturasy dil baradaky şikaýaty ret etdi
Etniki tatar Almaz Imamow öz ene dilinde hyzmat alyp bilmeýändigi sebäpli hukuklarynyň bozulýandygy barada şikaýat etdi. Regionyň konstitusiýasyna laýyklykda, tatar dili Tatarystanda resmi dil hasaplanýar.
Nižnekamsk şäheriniň prokuratura edarasynyň Imamowyň 21-nji martdaky şikaýatyna beren ýazmaça jogabynda, Tatarystanda rusçanyň we tatarçanyň resmi dillerdigine garamazdan, döwlet edaralarynyň öz websaýtlaryny tatar dilinde etmäge borçly däldigi aýdylýar.
“Eger raýatlar rusça düşünmeýän bolsa, onda olaryň resmiler bilen tatarça gürleşmäge hukugy bar” diýlip, şäher prokuraturasynyň jogabynda aýdylýar.