Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýede 3,3 kilogram geroin alyp barýan türkmen zenany saklandy

Türkiýäniň "CNN Turk" telekanalynyň habaryna görä, Kaýseri şäherinde barlag üçin duruzylan awtobusda 3 kilogram 30 gram geroin bilen tutulan türkmenistanly zenan saklanypdyr.


Habara görä, Kaýseriniň polis müdirliginiň neşä garşy göreş bölüminiň işgärleri ýurduň gündogardaky welaýatlardan jemlenen neşäniň Türkiýäniň günbatar welaýatlaryna äkidiljegi barasynda gizlin maglumata eýe bolupdyr. Ondan soň şäherara ýolagçy gatnadýan awtobuslary durzup barlamaga başlan polisler, awtobuslardan biriniň bagažyndaky sumkasynda, ikä bölünip gaplanan ýagdaýda 3 kilogram 30 gram geroini äkidip barýan L.B. atly 25 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty bolan zenany ele salýarlar.


"Neşe söwdasyny etmekde" aýyplanyp saklanan, neşe kurýeri türkmen zenany ondan soň sorag üçin, Kaýseriniň polis müdirligine äkidilipdir.




Anonim ýagdaýda Kaýseri şäherinden Azatlyk Radiosyna maglumat beren polis çeşmesi türk mediasynda çykan habaryň dogrudygyny tassyklap, neşe äkidip barýarka saklanan türkmen zenany barasynda derňew işiniň dowam edýändigini aýtdy. Ýöne ol türkmen zenany barasynda jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny bildirdi. Polis çeşmesi şol bir wagtyň özünde, munuň türkmenistanly raýatlaryň neşe söwdasy bilen ilteşikli saklanýan ilkinji wakasy däldigine üns çekip, türk mediasynda häli-şindi bu barada habarlaryň ýaýraýandygyny-da ýatlatdy.


Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşe söwdasy bilen ilteşikli saklanýan türkmenistanly raýatlar barasynda habarlaryň birnäçe öňem peýda bolupdy. 




Ýeri gelende ýatlatsak, 12-nji martda Türkiýäniň Konýa şäherindäki Selçuk uniwersitetinde Halkara gatnaşyklary we Döwlet dolandyrylyşygy bölümlerinde okaýandygy aýdylan Türkmenistanyň raýatlary - 24 ýaşyndaky Toýgeldi A., 26 ýaşyndaky Döwran M. bilen Arazgylyç A. atly studentler bolýan jaýynda neşe öndürmekde aýyplanyp tussag edilipdi.


Şeýle-de 2017-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Stambulyň Fatih etrabyndaky myhmanhanada geçirilen operasiýada Ý.R. atly türkmenistanly zenan satuwa çykarylmaga taýýar görnüşde köp mukdarda beň, gaty hem owradylan görnüşde kokain bilen "Laýn" diýlip atlandyrylýan neşe maddasy, 18 sany tüpeň güllesi we neşe satuwynda ulanylýan terezi bilen tussag edilipdi.




Stambulyň Kartal diýen ýerindäki bir öýde geçirilen operasiýada bolsa, Türkmenistanyň raýatlary 54 ýaşyndaky G.K. atly zenan bilen 24 ýaşyndaky A.A. we 32 ýaşyndaky J.A. dagy 50 kilogram beň, 350 gram geroin, 3 sany hem neşe terezisi bilen tutulypdy.


Beýleky tarapdan Stambul polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň işgärleri hem Zeýtinburnu, Awjylar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir etraplarynda gurnan operasiýalarynda neşe satmakda güman edilýän 21 sany türkmenistanlyny we jemi 33 adamy tussag edipdi.




Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet çalşanyndan soň, ýurtdaky neşekeşligiň badynyň gaçandygy, neşe söwdasynyň tasdan öňüniň alnandygyny resmi derejede aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň synanşygyna garamazdan, Türkiýede neşe bilen ilteşigi güman edilip saklanýan türkmenistanly raýatlaryň ykballary barasynda, degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariý ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus