Pense Pakistan söweşijilere garşy göreşde has köp tagalla etmeli diýdi
Beýanatda gepleşikleriň anyk wagty, ýeri ýa-da mazmuny takyklaşdyrylmaýar. Emma, habar agentlikleri duşuşygyň wise-prezidentiň Waşingtondaky rezidensiýasynda geçendigini aýdýarlar.
Malgumata görä, Abbasi ABŞ-da öz şahsy işleri bilen bolup, duşuşygyň geçirilmegini özi haýyş edipdir.
Geçen ýyl prezident Donald Tramp eger-de Yslamabat has aýgytlaýjy hereket edip başlamasa, ýyllyk berilýän 2 milliard dollarlyk harby kömegini togtatjakdygyny aýdypdy.