Britaniýanyň premýer-ministriniň Orsýete garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar
ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we NATO Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemegiň arkasynda Orsýtiň durandygyny aýdan Britaniýa goldaw bildirdiler. Zähriň nerwe täsir ediji “Nowiçok” atly serişdeler toparynyň düzümine girýän howply himiki jisimdigi anyklandy.
Britaniýanyň premýer-ministri Maý Moskwanyň seýrek nerw serişdesiniň nädip Londonda peýda bolandygy barada düşündiriş bermegi üçin 13-nji martyň gijesine çenli wagt möhletini beripdi.
Britaniýa tarapyndan kesgitlenen wagt möhletiniň öňüsyrasynda Kreml Skripalyň zäherlenmegine Orsýetiň gatnaşygyny ret etdi we Moskwa garşy islendik çärä jogap berjegini aýtdy.