Ermenistan Sarkisiany täze prezident saýlady
64 ýaşyndaky Sarkisiana ermeni parlamentiniň 90 kanunçykaryjysy goldap, 10 sanysy garşylyk görkezip ses berdi. Kanunçykaryjylaryň biri ses bermekden saklandy.
Armen Sarkisian Ermenistanyň öňki premýer-ministri bolup, ol häzirki wagt ýurduň Beýik Britaniýadaky ilçisidir.
Nobatdaky prezident bilen hiç hili maşgala arabaglanyşygy bolmadyk Serž Sarkisian Armen Sarkisiany dolandyryjy Respublikan partiýanyň prezidentlige dalaşgäri diýip, 19-njy ýanwarda yglan edipdi.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen referendumyň yz ýany, Ermenistan öz hökümet dolanşygyny ýarym-prezidentlikden parlament respublikasyna geçirdi.