Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň prezident elektrik stansiýalary barlap, kemçilikleri tiz düzetmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň ähli elektrostansiýalarynda barlag geçirmäge we gysga wagtda kemçilikleri düzetmäge resmi tabşyryk berildi. Bu tabşyryk berk käýinç bilen bilelikde, Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe berildi.


TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere elektroenergiýa gulluklaryny gyş möwsümine taýýarlamak barada ençeme gezek tabşyryk berlendigini, emma eýýam ýanwar aýynda ençeme ýagdaýlarda elektrik üpjünçiliginde we howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünlerinde kemçilik goýberilendigini 2-nji fewralda aýdypdyr.


Azatlyk Radiosy güýz-gyş möwsümiň başlanaly bäri ýurduň paýtagtynda we regionlarynda elektrik togunyň we ýyladyş üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýändigi barada, ençeme gezek habar beripdi. 




Diňe bir soňky hepdäniň dowamynda Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň azyndan birnäçe etrabynda elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.


Hususan-da, Daşoguzda ýanwaryň soňky günlerinde howa aýazly bolup, gijelerine - 20 gradusa ýeten wagtynda elektrik togy kesilip durdy, şunuň bilen bir wagtda mekdeplerde okuw ýatyryldy, hojalyk mallary gyryldy.


“Howanyň sowamagy bilen onsuz hem kadaly işlemeýän, gaz we elektrik üpjünçiligi gaty peseldi. Soňky üç günüň dowamynda, elektrik togy iň azyndan 20 gezek dagy kesilendir. Adamlar indi öýlerinde odun ýakyp, ýylynjak bolýarlar” diýip, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy 31-nji ýanwarda gürrüň berdi.


Daşoguzly ýaşaýjylaryň ýene biri şol günüň özünde Görogly etrabynda agşam sagat 20:00-dan sagat 23-e çenli elektrik togunyň üpjünçiliginiň doly kesilendigini habar berdi.


“Elektrik togy etrap merkezinde hem ýok, şäheriň hiç ýerinde yşyk ýanmaýar, ýörite köçelere aýlanyp gördüm, swetoforlar işlemeýär” diýip, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy aýtdy.


Emma ýurduň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri elektrik togunyň kesilmegi we munuň bilen baglylykda ilatyň sowuk howada duçar bolan kynçylyklary barada habar bermediler. 




Resmi maglumatlarda wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe ähli kemçilikleri barlamak we düzetmek tabşyrygy bilen bilelikde berk käýinjiň hem-de soňky duýduryşyň berlendigi bellendi, emma berlen bu käýinjiň Daşoguzdaky ýagdaý bilen baglydygy göni aýdylmady.


Energiýa resurslaryna baý Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda, soňky aýlarda ýaşaýyş jaýlaryna berilýän gazyň, ýyladyş üpjünçiliginiň hem ençeme gezek kesilendigi habar berlipdi. Dekabrda we ýanwarda Aşgabadyň merkezi etraplarynda ýaşaýyş jaýlar uzak wagtlap ýyladyşsyz galypdy.


Şeýle-de, Daşoguzyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylary töleg depderçesini täzelemedik hojalyklara gazdan kesilmek haýbatynyň atylandygyny habar beripdi. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus