Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owganystanda 6,1 bal derejesinde ýer titreme boldy

Owganystanyň Hindiguş dag gerişlerinde güýçli ýer titreme boldy. Bu tebigy betbagtçylyk Owganystanda we onuň goňşusy Pakistanda ýitgileriň bolmagyna sebäp boldy.


31-nji ýanwarda bolan ýer titremäniň netijesinde Pakistanyň dürli sebitlerinde bir gyz öldi we başga-da azyndan 15 adam ýaralandy diýip, “Dawn” atly gazet ýazýar.


Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda azyndan üç adam ýaralandy diýip, bu welaýatyň häkiminiň orunbasary Gul Mohammad Bedar aýtdy.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Geologiýa gullugy Owganystanyň Hindiguş dag gerişlerinde 6,1 bal derejesinde ýer titremäniň bolandygyny mälim etdi.


Bu gulluk ýer titremäniň episentriniň Owganystanyň Täjigistan bilen serhediniň golaýyndaky “Jarm” atly demirgazyk-gündogar kenaryndan 35 kilometr günortada we 191 kilometr çuňlukda bolandygyny aýtdy.


Ýer titremäniň täsiriniň owgan paýtagty Kabulda we Täjigistanyň paýtagty Duşenbede, şeýle-de Pakistanyň paýtagty Yslamabatda we Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde hem duýulandygy habar berilýär.


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Balojistan welaýatynyň paýtagty Kwettada jaýyň üçeginiň çökmegi netijesinde bir çaga öldi we onuň maşgalasynyň dokuz agzasy ýaralandy diýip, ýerli resmiler aýdýarlar.


Owganystanyň Hindiguş dag gerişlerinde ýygy-ýygydan ýer titreme bolýar. Bu regionda 2015-nji  ýylyň oktýabrynda 7,5 bal derejesinde ýer titreme bolupdy. Şonda 400-den gowrak adam heläk bolup, Owganystanda, Pakistanda we Hindistanda birnäçe müň ýaşaýjy öýsüz galypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus