Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete" çagyrýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Kabulda partladylan ulag bombasy azyndan 95 adamy öldüreninden soň, ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete” çagyrdy.


 Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.


“Men şu gün Kabulda guralan we onlarça bigünä adamy öldüren, ýüzlerçe adamy ýaralan namart hüjümi ýazgarýaryn. Bu ganly hüjüm biziň-de, biziň owgan hyzmatdaşlarymyzyň-da aýgytlylygyny berkidýär” diýip, Tramp 27-nji ýanwardaky beýanatynda aýtdy.


"Indi ähli ýurtlar “Talybana” we olary goldaýan terrorçylyk infrastrukturasyna garşy aýgytly herekete geçmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.  “Talybanyň” zalymlygy ýol almaz.”


Owgan resmileri 27-nji ýanwar güni irden Kabulyň merkezindäki mähelleli ýerde bolan ägirt ulu maşyn partlamasynda  azyndan 95 adamyň heläk bolandygyny, 191 bir adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.


Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümçiler barlag nokatlaryndan geçmek üçin “Tiz kömek” maşynyny ulanypdyrlar.


Kabul polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Haknawaz Hakýar hüjümiň  Sadarat skwerinde, köp sanly hökümet binalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň we dükanlaryň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus