Türk polisiýasy Täze ýyl baýramyndan öň güman edilýän jeňçileri tutdy
Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki“Anadolu” habar gullugy 29-njy dekabrda bir wagtda güman edilýänleri tutmak üçin geçirilen reýdlere 500 çemesi polisiýa işgäriniň gatnaşandygyny habar berdi.
Bu tussag etmeler türk polisiýasynyň bir gün öň bütin ýurt boýunça güman edilýän YD jeňçilerini tutmak üçin geçiren operasiýasynyň yz ýanyna gabat geldi. Şonda olar 120 sany güman edilýän jeňçini tussag etdiler.
Geçen ýyl Täze ýyl baýramçylyklary mahalynda bir adam Stambuldaky gijeki kluba ýaragly hüjüm edip, 39 adamy atyp öldüripdi.