Türkmenistan Britaniýa bilen aradaky söwdany ösdürýär
Hasabat döwründe Britaniýanyň Türkmenistana eden eksportynyň umumy bahasy 37 million funta deň boldy.
Bu döwürde Britaniýanyň Türkmenistandan eden importy öňki döwür bilen deňeşdirilende 400% ýokarlandy (12 million funt) we 15 million funta barabar boldy.
Türkmenistanyň Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň arasynda himiki serişdeler, umumy senagat tehnikasy, uçar we elektrik önümleri bar.
Türkmenistanyň Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasynda bolsa organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary, umumy senagat enjamlary we metal magdanlary bar.