15-nji maý Aşgabatda örän ýagyşly boldy. Daňdan başlanan ýagyn günüň dowamynda gaýtalandy. Suw-sil köçeleri basdy. Azatlygyň habarçylary ýagyşyň paýtagtyň durmuşyna ýetiren täsirleri barada habar berýärler.
Türkmenabatda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärä gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportaž taýýarlamaga niýetlenen bu çärä edara-kärhanalaryň işgärleri hem gatnaşmaly edildi.
Şu günler Mary welaýatynyň mekdeplerinde abatlaýyş işlerine niýetläp, şäher ýerlerinde her okuwçydan 100 manatdan, oba mekdeplerinde 50 manatdan pul toplanýar. Bu aralykda, okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, mekdeplerde synag soraglarynyň jogaplary 50 manatdan satuwa çykarylýar.
Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe ýaşaýjy Türkiýede ýaşaýan ýakyn garyndaşlarynyň bikanun durumy zerarly, özleriniň Aşgabatda türk wizalaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Şu günler Aşgabadyň şäher polisiýasynyň Ýetginjekler bölümi ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýygnaklary ýygjamlaşdyryp, ekabyr okuwçylary hyzmatdaşlyga çekýär.