Lebapda ilatyň Internet üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Bu ýagdaý, ilatyň Internet arkaly birek-biregi bilen habarlaşmak we maglumat okamak mümkinçiligini ýiti çäklendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň alty sanysy öz deň-duşyna topulyp, ony urup-ýençdi we ýanyndaky puluny aldy. 12-nji fewralda bolan wakada ýenjilen ýetginjek oglan bir gözüniň görejini ýitirdi.
Şu günler Aşgabadyň elektrik üpjünçilik edarasynyň işgärleri ýaşaýyş jaýlaryna we edara-kärhanalara aýlanyp, elektrik ölçeýji gurallary barlamak boýunça gözegçilik işlerini geçirýärler. Gurallarynyň ulanyş möhleti tamamlanan raýatlar goşmaça tölegleri tölemäge mejbur edilýär.