Tramp Eýran pozisiýasyndaky kesgitsizlik arasynda ýaraşyk möhletini uzaltdy; gabaw aýrylmaýar
Iki hepdelik ýaraşyk möhletiniň tamamlanmagy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň "bölünen" ýolbaşçylaryna "bir bitewi" parahatçylyk teklibini etmek mümkinçiligini bermek üçin ýaraşygy birtaraplaýyn uzaldýandygyny yglan etdi, ýöne Tähranyň gaharyny getiren çäräni, Eýran portlarynyň gabawynyň aýrylmajakdygyny aýtdy.
“Eýran hökümetiniň garaşylmadyk ýagdaýda däl-de, düýpli bölünendigine esaslanyp, şeýle-de pakistan feldmarşaly Asim Muniriň we premýer-ministri Şehbaz Şarifiň haýyşy boýunça, bizden olaryň liderleri we wekilleri bir bitewi teklip pikirine gelip bilýänçä, Eýran ýurduna hüjüm etmegi togtatmagymyz haýyş edildi” diýip, Tramp 21-nji aprelde “Truth Socialda” ýazdy.
Tramp sözüniň üstüni ýetirip, "ýaraşygyň möhletini olaryň teklibi hödürlenýänçä we gepleşikler ol ýa-da beýleki tarapa tamamlanýança uzaltjakdygyny" aýtdy. Ol anyk möhlet görkezmedi.
Tähranyň ýaraşyk möhletini öz tarapynda uzaldyp-uzaltmajagy bada-bat belli bolmady.
Eýran parlamentiniň başlygynyň geňeşçisi ýaraşyk möhletiniň uzaldylmagyny "garaşylmadyk hüjüme wagt utmak üçin edilýän hile" diýip atlandyrdy we anyklaşdyrmazdan Tähranyň başlangyjy öz üstüne almalydygyny nygtady.
Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Eýran portlaryna goýan häzirki gabawynyň "bombalamakdan tapawutlanmaýandygyny we harby jogap bilen garşylanmalydygyny" aýtdy.