Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp Ysraýyl we Liwan liderleriniň 16-njy aprelde gepleşjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýylyň we Liwanyň liderleriniň 16-njy aprelde gepleşik geçirjekdigini, bu hili gepleşigiň 1993-nji ýyldan bäri ilkinji gezek geçirilýändigini aýtdy.

Olar Eýran tarapyndan goldanylýan “Hizbolla” topary we syýasy partiýasy bilen alty hepdeden gowrak dowam eden urşuň soňuna çykmak üçin atyşygy bes etmäge çalyşýarlar.

“Hizbolla” günorta Liwanyň köp bölegini gözegçilikde saklaýar we Birleşen Ştatlar tarapyndan terrorçylyk guramasy diýlip hasaplanýar, Ýewropa Bileleşigi bu guramanyň ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy.

"Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda biraz dem alyş otagyny döretmäge synanyşýaryn. Iki lideriň gürleşeli bäri uzak wagt, 34 çemesi ýyl geçdi. Bu ertir bolar" diýip, Tramp 15-nji aprelde giçlik sosial mediada çap eden ýazgysynda aýtdy.

Ol gepleşiklere kimleriň gatnaşjakdygyny hem aýtmady, başga jikme-jiklikleri hem açmady.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy uran howa zarbalaryndan soň Liwanda turan söweşleriň bes edilmegi Tähran bilen aradaky konfliktiň soňlanmagynda dörän esasy päsgelçilik boldy.

Birleşen Ştatlar Liwandaky atyşygy bes etmek talabyny etmedi, ýöne prezident Donald Tramp Ysraýylyň Liwanda Eýran tarapyndan goldanylýan hizbolla söweşijilerini nyşana alýan urşunyň soňlanmagyny gutlar diýip, ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi 15-nji aprelde aýtdy.

Eýran resmileri 16-njy aprelde, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp urşuň soňunyň "gaty tiz wagtda" gelip biljekdigini aýdanyndan bir gün soň pakistan araçylary bilen duşuşyp, Birleşen Ştatlaryň eden täze tekliplerini ara alyp maslahatlaşmaga we gepleşikleriň mümkin bolan ikinji tapgyrynyň geçirilmegi baradaky karara gelmäge taýýarlanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus